ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ÝAZYJYSY


ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ÝAZYJYSY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň ýaşajyk okyjylary görnükli şahyr, ýazyjy, dramaturg Hemra Şirowyň goşgularydyr poemalaryny, hekaýalaryny, ertekileridir powestlerini höwes bilen okaýarlar. Okan kitaplarynyň arasynda has aýratyn tasir galdyran eserleri barada ýagny Hemra Şirowyň «Ýaşyl kitap» atly kitaby barada şahyr bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildiler.

«Ýaşyl kitap» diýlip atlandyrylýan bu kitap adyndan hem belli bolşy ýaly, ol tutuşlygyna tebigat barada, giňiş Watanymyzyň haýwanat hem ösümlik dünýäsi hakynda. Aýdylyşy ýaly, onuň temasy müdimilik tema, ýene-de asyrlar boýy ýazyljak tema. Awtoryň şol tema özboluşly çemeleşmegi başaryşy tebigat gözelligi hakynda körpelere özüçe gürrüň berşi, onuň döredijilik şowlulygyndan habar berýär.

Şahyryň gözel tebigaty söýmelidigi barada körpelere maslahat berşi hem özboluşly. Ol bu tebigaty tutuşlygyna bir ýaşyl kitaba meňzedýär, ony «synlap, okap, hezil edinmegi» tekrarlaýar. Soňundanam:

Edil «Harplyk» kitabyňy
Aýap, gowy görşüň ýaly,
Kemsiz okap öwrenen soň,
Jigiň jana berşiň ýaly,
Aýa ýaşyl kitabyňy,
Zaýalama ýersiz-ýere.
Täzeligine, tämizligine
Ýetsin geljek nesillere!
***

—diýip maslahat berýär. Hut şol maslahatyň özi hem çaga dilinde, çaga häsiýetinde. Şahyr biziň günde görüp-bilip ýören zatlarymyzda has ulurak, has başgaçarak zat görýär. Şony hem körpe okyjylaryna ýetirýär, bu bolsa goşgularyň, olarda beýan edilýän wakanyň, waspy edilýän adamynyň, jandarlaryň olaryň ýadynda galmagyna getirýär.

Söhbetdeşligimiziň ahyrynda şahyr hem okyjylar çagalar edebiýatyny wagyz etmekde özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.