ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ


ERTEKILER DÜNÝÄSI-JADYLY DÜNÝÄ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» sagaldyş we dync alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsi-jadyly dünýä» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň dynç alyş möwsümini netijeli geçirmekleri üçin uly aladalar edilýändigi, ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýänligi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Bu kitaplaryň üsti bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen türkmen halk ertekileri esasynda özara sorag-jogap alşyldy.

Çäräniň ahyrynda durmuşymyzyň guwanjy bolan çagalaryň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.