MAGTYMGULY, SÖZLE HERNE BILENIŇ


MAGTYMGULY, SÖZLE HERNE BILENIŇ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly,sözle herne bileniň» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler şygryýet äleminiň ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ynsan kalbyna ganat baglap, al-asmana göterýär. Gahryman Arkadagymyz akyldary pähim-paýhas ummanyna deňeýär. Çünki Magtymguly atamyz tutuş adamzada bahasyna ýetip bolmajak pähimleri,öwüt-ündewleri,nesihatlary miras goýdy. Magtymguly Pyragynyň beýikligi türkmen halkynyň beýikliginiň görkezijisidir. Magtymguly Pyragy halkyň ykbalyny öz ykbaly saýypdyr.Şonuň üçin-de akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek boýunça häzirki wagtda örän işler amala aşyrylýandygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.