ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI


ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýandygy, şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada gürrüň berildi.

Çäräniň ahyrynda şeýle ajaýyp amatlyklary bolan dynç alyş merkezlerini döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.