ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERI


ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Ýurdumyzyň ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlere beslenýändigini, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň mysal bolýan ýeri merjen paýtagtymyz bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Mundan başda-da Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzda gurulyp ulanylmana berilen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdüriminiň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne haýran galdyrýanlygy, we göwnüňi galkyndyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän türkmen halkanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.