MUNY BILMEK GYZYKLY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň Ruhybelent nesilleri» dynç alyş merkezinde «Muny bilmek gyzykly» atly täsin dünýä barada gürrüňdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmenleri dünýä täsinlikleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Mysal üçin: Näme üçin bulutlar dürli şekilde bolýarlar? Tolkunlar nädip döreýär?, Gyşda penjirede nädip nagyş döreýär? Ewerest dünýäniň iň beýik gerşi we haýwanat dünýäsindäki geň-taňlyklar barada çagalaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çagalar uly höwes bilen diňläp öz bilýänje täsinlikleri barada gürrüň berdiler. Şu çärämizde söhbetdeşligimizden daşary çagalaryň söýgüli «Güneş» žurnalynyň «Täsin dünýä» atly sahypalaryndan sergi gurnaldy.
Çärämiziň soňunda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.