DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINIŇ ŞATLYKLY GÜNLERI


DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINIŇ ŞATLYKLY GÜNLERI

Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli «Dynç alyş möwsüminiň şatlykly günleri» ady bilen edebi ertirlik geçirildi, kitap sergi gurnaldy. Bu çärede Watan, Ene hakynda goşgular okaldy, aýdymlar aýdyldy, kiçi ýaşly çagalar üçin gyzykly tapmaçalar çözülip, gurjak oýny oýnaldy. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglara gyzykly hem-de täsirli jogaplary tapyp öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirdiler.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary we ýurdumyza belli ýazyjy-şahyrlaryň dürli ýaşdaky okyjylar üçin ýazan kitaplarynyň sergisi gurnaldy we kitaphanamyza kitap okamaklyga çagyryldy. Çagalar özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.