PÄHIM-PAÝHAS UMMANY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň guramagynda «Pähim-paýhas ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy hormatly Arkadagymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip, «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip belleýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri joşgunly ýaňlandy.