MIRASYM-MERTEBÄM


MIRASYM-MERTEBÄM

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Mirasym-mertebäm» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli mirasymyz,däp-dessurlarymyz,türkmen halylarymyz, bedew atlarymyz, milli saz guraly bolan dutarymyz, medeniýetimiz we sungatymyz hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem söhbetdeşlige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň täzelenmegi bilen kämilleşip synmaz sungata öwrülen gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen keçeleridir.Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr» diýip belleýşi ýaly keçe halkymyzyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridigi hakynda giňişleýin belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli tagallalarynyň netijesinde taryhy we häzirki zaman medeni gymmatlyklary gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak we nesilden-nesle geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler milli mirasa goýulýan sarpanyň nyşanydygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.