Kitap okamak barada aýdylan dürdäneler
Kitap pikiriň armaýan ganatydyr.
AÝBEK.
* * *
Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has şowly
hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisi hem kitaplarda jemlenýär.
* * *
Özümdaki gowy häsiýetler üçin men kitaba minnetdar.
Maksim GORKIÝ.
* * *
Kitapsyz jahan gijedir,
kitapsyz daş-töwerek tümlükdir.
W.GÝUGO.
* * *
Kitaplaryň toplumy hem uniwersitetdir.
KARLEÝL.
* * *
Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys.
WOLTER.
* * *
Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,
Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy.
Kitap dostdur asla gama batyrmaz,
Pähmiňi goýaldar, pikirleň şasy.
JAMY.
* * *
Maňa haýsy kitaplary okanyňy aýt,
men seniň kimdigiňi aýdaýyn.
N.PIROGOW.
* * *
Kitaby ýüzleý okamak hiç zady aňlatmaýar:
nämäni okamaly we okan zadyňa nahili düşünmeli — iň esasy zat, ine, şudur.
K.UŞINSKIÝ.
* * *
Kitap adamlary özgerdýär, bu bolsa uzak hem göze ilmeýän hadysadyr.
I.ERENBURG