BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY


BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝAR ÇAGALARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde, tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda çagalaryň hukuklary döwlet tarapyndan goralýar. Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, belent daglaryň jülgesinde ýerleşýän Gökderedäki «Beýik Serdar ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde kitap okamak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, surat çekmek, küşt oýnamak, suwda ýüzmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, sport bilen meşgullanmak bilen wagtlaryny gyzykly geçirýärler.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin nusgalyk işleri amal edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!