MAGTYMGULYNYŇ BERKARARLYK ARZUWY


MAGTYMGULYNYŇ BERKARARLYK ARZUWY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde «Magtymgulynyň berkararlyk arzuwy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen ruhunyň aýnasy deýin adamlaryň köňül duýgusyny özüne birleşdirýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi jemgyýetiň syýasy-ykdysady ösüşine binýat bolýan taglymlaryň çeşmesi hökmünde medeni-syýasy durmuşda ebedi orun aldy. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Özüniň geljek hakdaky arzuwlaryny şygra siňdiren ussadyň pähim-paýhasy ummana deňelýär. Umman bolsa ebediligiň alamatlandyrylmasydyr diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.