ÇÖREK MUKADDESDIR


ÇÖREK MUKADDESDIR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde tomusky dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän ýaşajyk okyjylarymyz bilen “Çörek mukaddesdir” ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda daýhanlaryň gyşyň aňzagyna, tomsuň jöwzasyna döz gelip ýetişdiren ak bugdaýy, ol bugdaýy degirmen arkaly üwäp alnan undan taýýarlanýan milli tagamlar barada täsirli gürrüňler edildi. Mährem enelerimiz tarapyndan kendirikde ak uny eläp, hamyrmaýa goşup, hamyr ýugrup, zuwalalara bölüp, ýaýyp, dürtgüç bilen dürtüp, ýüňüne çörek suwuny sepip, repidäniň kömegi bilen gyzyp duran tamdyra emaý bilen çörek ýapylyşy, berekediň, bolçulygyň nyşany hökmünde çöregiň gapdalynda jübüt kökejikleriň hem taýýarlanyşy, Gün kimin gyzaryp bişen mele myssyk çöregiň myhmana, maşgala agzalaryna hödür edilişi, düýe ýüňden dokalan saçaga dolanyp, öýüň iň arzyly ýerinde saklanylyşy baradaky täsirli gürrüňler çagalarda uly täsir galdyrdy. Çöregi harlamazlyk, ýekeje owuntygyny hem aýak astynda goýmazlyk, çöregi iki eliň bilen tutup, sag eliň bilen döwüp iýmek ýaly yrymlar, ynançlar şeýle-de çörek mukaddesligi baradaky aýdylan hekaýalar, rowaýatlar, ertekiler, goşgular duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Çörek baradaky goşgudyr hekaýalar hem-de “Bereketli türkmen saçagy” atly ajaýyp kitap we beýleki neşirler esasynda gurnalan sergi hem uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşygyň ahyrynda çagalara milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, yrym-ynançlarymyzy, gymmatlyklarymyzy giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyş sözleri beýan edildi.