GÖKDERE-ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MEKANY


GÖKDERE-ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn sümbül» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Gökdere-çagalaryň tomusky dynç alyş mekany» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan söýgini döretmekde, çagalary watansöýüji ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekde uly işler alnyp barylýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra çagalara türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okaýyşlar okaldy we çagalar bilen türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary barada sorag-jogap alşyldy. Çäräniň dowamynda çagalaryň söýgüli kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda körpe nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.