MAGTYMGULY PYRAGY JAHANKEŞDE ŞAHYR


MAGTYMGULY PYRAGY JAHANKEŞDE ŞAHYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda «Magtymguly Pyragy jahankeşde şahyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gabat gelýän ýer–ýurt atlary, syýahatlarynyň maksatlary barada söz açylyp, şahyryň dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek arzuwy onuň kalbynda ýaşlykdan ýüze çykandygyny, Magtymgulynyň jahankeşde şahyr bolandygyny goşgy setirlerine ser salanyňda hem şol ýurduň tebigaty, dili, edebiýaty bilen ýakyndan tanşyp, şol ýurduň tanymal edebi wekilleri hem-de ylym eýeleri bilen aragatnaşyk saklandygyny görmek bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýä tanatmakda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.