GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan şadyýan çagalaryň arasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, ýan kitaplaryna öwrülen eserlerinde, terbiýeçilik ähmiýeti, durmuşyň gözelligi, zeminiň abadançylygy, ýaşaýşyň giň mazmuny, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn ýaşaýyşyň ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, halallykdan sapak edinmek, ýagşylyk etmek ýaly türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, Watana wepalylygy, päk ahlaklylygy ýaly parasatly pikirleriň giňden beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda mähriban halkymyza, aýratyn-da, körpe nesillerimiz üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.