PÄHIM-PAÝHAS UMMANY


PÄHIM-PAÝHAS UMMANY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirdi. Ol umumadamzat edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna-da öz täsirini ýetirdi. Alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Magtymgulynyň eserleriniň ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde hem dünýä halklaryny şygryýetiň ruhy bilen baglanyşdyrýan birleşdiriji güýje eýedigini, olaryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny wasp edýän, sena hökmünde ykrar edilendigini nygtaýarlar.

Söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.