MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–DÜNÝÄ MEDENIÝETINDE


MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–DÜNÝÄ MEDENIÝETINDE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiligi–dünýä medeniýetinde» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halky özüniň beýik akyldar danasynyň mähriban halkyna arzuw eden berkarar döwleti, bagtyýarlyga beslenen durmuşy bu gün eziz Diýarymyzda hakykata öwrülendigini barada buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de söz ussady Magtymguly Pyragynyň, mertligi, oňat gylyk-häsiýeti, il-günüňe, Watanyňa wepalylygy wasp edýän goşgy setirleri dillerden-dillere geçip, halkyň durmuşynda aýratyn terbiýe ojagy bolup, nakyllara öwrülendigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyna hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.