MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.