ARKADAGYŇ ESERLERI–NESILLERE GÖRELDE HEM ÝÖRELGE


ARKADAGYŇ ESERLERI–NESILLERE GÖRELDE HEM ÝÖRELGE

Ýakynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň çagalar otagynda Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasynyň guramagynda «Arkadagyň eserleri–nesillere görelde hem ýörelge» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem-de kitaphananyň işjeň okyjylary gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kitaphanalarynda çagalara guralýan döwrebap kitaphana hyzmatlary barada, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleriniň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň hem-de çagalar edebiýatlarynyň üsti bilen çagalaryň aňyny, pikirleniş ukybyny ösdürmek barada giňişleýin beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň göreldeli ýaş okyjylary öz ýazan goşgularyny, ertekilerini gürrüň berdiler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesillere döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin çaga kalbyndan köp-köp sagbolsun aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda kitaphananyň işgärleri ýurdumyzyň göwher gaşy bolan ýaş nesillerimiz barada irginsiz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.