KITAP HEPDELIK


KITAP HEPDELIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap hepdeligini gurnady. Kitap hepdeliginiň çäklerinde bu dynç alyş merkezinde çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny tanamak, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek esasynda hem özara bäsleşdiler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Kitaplar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşdylar.

Kitap hepdeligine gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.