AKYLDAR ŞAHYRYŇ EDEBI MIRASY-UMUMADAMZAT GYMMATLYGYDYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Altyn asyr» seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Akyldar şahyryň edebi mirasy-umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir döwrüň keşbini, halkyň durmuşyny, gylyk-häsiýetlerini görkezmän, eýsem, geljekki nesilleriň kalbyna, ruhy dünýäsine egsilmeýän täsir ediji güýç bolup hyzmat edýändigi, şahyryň türkmeniň milli ruhundan, däp-dessurlaryndan, türkmençilik ýörelgelerinden ugur alyp, agzybirlikde ýaşamagy ündeýän şygyrlary halkyň aňynda hemişelik ýaşajakdygyny, ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi wagyz edýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde şahyryň hormatyna «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şahyra goýulýan belent sarpadan nyşan bolup, şol seýilgähde dünýä belli şahsyýetleriň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa, Magtymguly Pyragynyň dost-doganlyk, agzybirlik baradaky arzuwlarynyň türkmen topragynda hasyl bolandygyny görkezýär diýip bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.