ARKADAG ŞÄHER-BINAGÄRLIGIŇ BELENT NUSGASY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda «Arkadag şäher-binagärligiň belent nusgasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary, islegleriň özgermegi täzeçil çemeleşmeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bu meselede dünýäniň barha ösýän tejribesi innowasion ýörelgeleriň kemala gelmegini, ykdysadyýetiň, şol sanda şähergurluşyk we dolandyryş ulgamynyň adam üçin peýdaly şertleri göz öňünde tutýan taslamalarynyň ýüze çykmagyny şertlendirdi. Olaryň hatarynda sanly ykdysadyýet, «ýaşyl» ykdysadyýet, «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi jemgyýetiň ösüşiniň iň täze tapgyrynyň beýanyna öwrüldi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.