ARZUWLAN EÝÝAMYŇ GELDI PYRAGY


ARZUWLAN EÝÝAMYŇ GELDI PYRAGY

Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýda durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binägärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlandyryş we hile gözegçilik merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Arzuwlan eýýamyň geldi Pyragy» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň uzak asyrlaryň dowamynda özüniň köptaraply akyla ýugrulan ajaýyp eserleri türkmeniň adyny şöhratlandyrdy diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.