MILLI MIRASYMYZYŇ ŞUGLASY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Milli mirasymyzyň şuglasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ene-mamalarymyzdan miras galan milli baýlygymyz asyrlardan aşyp, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetip, milli sungatymyz has-da baýlaşdyrylyp, gelin-gyzlaryň kalbyna siňenligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň pähim-paýhasyndan, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr, gülli keçeleri, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.