Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda



«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylymyzda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda garşy alýar.
Toý toýlanýan bu ýylymyzda Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyz, asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlarymyz, halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri barada «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlady. Bu kitabyň çapdan çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan kitaphana işgärleri öz ýürek buýsançlaryny beýan etmek maksady bilen «Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Söz mülkiniň bossany» atly gepleşiginde söhbetdeşlik esasynda çykyş gurady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygyny eserlerden mysallar getirip beýan etdiler.
Milli Liderimiziň bu «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň halkymyz tarapyndan gyzgyn garşy alynjakdygy we kitaphana işgärleri tarapyndan öwrenilip, okyjylara yzygiderli wagyz ediljekdigi ynandyryldy.