HALK OÝUNLARY–TERBIÝE MEKDEBI


HALK OÝUNLARY–TERBIÝE MEKDEBI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Halk oýunlary–terbiýe mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýändigi, bu bolsa ýaşlara berilýän edep-terbiýede türkmen milli oýunlarynyň aýratyn ornunyň bardygyny, türkmen milli oýunlarynyň birnäçe görnüşleri, olaryň gelip çykyş taryhy, çaga terbiýesindäki ähmiýeti, şeýle-de türkmen edebiýatymyzda oýunlaryň many-mazmuny, dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, döretmäge, dünýä ýaýmaga, onuň gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.