PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede ynsanyň aňýetiniň kämilleşmeginde örän uly hyzmatlary bitiren, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary, ili agzybirlige, watansöýüjilige çagyrýan öwüt-ündew häsiýetli şygyrlary biziň şu günlerimize gelip ýetmek bilen häzire çenli birnäçe edebiýatçylar tarapyndan öwrenilýändigi, akyldaryň her bir setiri çuň mana ýugrulan şygyrlaryny okanyňda, onuň ilki bilen agzybir bolmak ugrunda tagalla edendigini görmek bolýar diýip bellediler. Şeýle-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi miras galdyrandygy, onuň döredijiligi edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlar, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler we Magtymguly Pyragy barada ýazan goşgularyny okadylar.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyna hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.