«AKJEREN WE OWLAJYGY HAKYNDA ROWAÝAT» ATLY TÄZE KITAPÇA BARADA


«AKJEREN WE OWLAJYGY HAKYNDA ROWAÝAT» ATLY TÄZE KITAPÇA BARADA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Akjeren we owlajygy hakynda rowaýat» atly kitapça gelip gowuşdy. Bu kitapçada Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda gabat gelýän käbir haýwanlar bilen baglanyşykly rowaýatlar ýerleşdirilen. Bu rowaýatlaryň üsti bilen çagalarda haýwanat dünýäsine bolan söýgini döretmek we artdyrmak, olary dilimiziň çeperligi, sözleriň şireliligi bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar . Kitapçanyň sahypalary çagalaryň ünsüni çekjek owadan suratlar bilen bezelen. Kitapça bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.