MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGYR BOSSANYNYŇ SAÝRAK BILBILI


MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGYR BOSSANYNYŇ SAÝRAK BILBILI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy–şygyr bossanynyň saýrak bilbili» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kitaplary ýerleşdirildi we sergide ýerleşdirilen kitaplara syn geçirildi.

Çärede dowamynda Magtymgulynyň eserlerinde durmuşa, ýaşaýyşa ýakynlyk has güýçlidigi, terbiýeçilik ähmiýetiniň has ýokarydygy barada belläp geçildi hem-de beýik akyldary belende göterýän asyrdan-asyra alyp gidýän zat onuň döredijiliginiň tutuşlygyna halkyň durmuşyna degişli bolandygy, barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çäräň ahyrynda türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.