SAGLYGYM–BAŞ BAÝLYGYM


SAGLYGYM–BAŞ BAÝLYGYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda «Saglygym–baş baýlygym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler saglygyň gadyryny bilmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek babatynda ilatyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi, ýaş nesliň sagdyn ösüp, kemala gelmegi üçin olaryň, ilkibaşdan, sagdyn iýmitlenmegi, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, zyýanly endiklerden daşda durmagy üçin giň gerimli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkligi bilen birlikde ýurdumyzyň geljeginiň ylymly-bilimli, merdana, watansöýüji, beden taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.