KÖŇÜLLERE BUÝSANÇ BERÝÄN KITAPLAR


KÖŇÜLLERE BUÝSANÇ BERÝÄN KITAPLAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasynda «Köňüllere buýsanç berýän kitaplar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykan her bir eserleri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip, halkymyza, ýaş nesillerimize egsilmez şatlyk paýlaýandygy, çünki ol eserlerde Garaşsyz baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar diýip giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.