«ARKADAG» SEÝILGÄHINE GEZELENÇ


«ARKADAG» SEÝILGÄHINE GEZELENÇ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag» seýilgähine hemişelik okyjylary bilen gezelenç etdiler. Paýtagtymyzyň gün-günden gözelleşýän keşbi, ajaýyp binalary, seýilgähleri barada gyzykly söhbetdeşlik geçirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýar körpejeler ajaýyp zamanamyzy, bagtly çagalygy, gözel paýtagtymyz Aşgabady wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Çagalar edebiýatyna degişli kitaplar esasynda gurnalan göçme sergi aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Berk binýatly bilim» gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy, paýtagtymyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.