TEBIGAT BIZIŇ ÖÝÜMIZ


TEBIGAT BIZIŇ ÖÝÜMIZ

Türkmenistanyn Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýañy-ýakynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alys merkezinde dynç alys möwsümini gyzykly hem şadyýan geçirýän çagalar bilen «Tebigat biziň öýümiz» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda bilesigeliji okyjylarymyza kitaphanamyzyň hünärmenleri tebigatymyzy, daş-töweregimizi aýawly saklamagyň, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, bag ekip ýetişdirmegiň ähmiýetini sada dilde düşündirdiler. Tebigatymyza görk berýän ýaşyl agaçlaryň, owadan gülleriň, dürli ösümlikleriň howamyzy arassa saklamakdaky ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Gözel tebigatymyzyň dagy, düzi, süýji suwly çeşmeli, ösümlik we haýwanat dünýäsi babatda gyzykly maglumatlary özinde jemleýän neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan sergi tebigaty söýýän çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn. ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.