ÇAGALAR DURMUŞYMYZYŇ GÜL GUNÇALARY


ÇAGALAR DURMUŞYMYZYŇ GÜL GUNÇALARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Çagalar durmuşymyzyň gül gunçalary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde bagtyýar çagalygyň mekany bolan Gökdere jülgesinde çagalaryň her bir günini şatlykly pursatlara beslemek maksady bilen dürli çäreleri guralyp, olara gyzykly ertekileridir, dürli görnüşli oýunlaryň ähmiýet barada gürrüň berdiler we sorag-jogap alyşdylar. Çagalar hem öz gezeklerinde Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Berkarar Watanmyzy, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän birnäçe goşgulary bilen çykyş etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.