ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY


ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş günlerinde «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de tebigatymyzy gorap aýawly saklamak barada gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler. Gurnalan sergi çagalarda uly täsir gadyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.