EKOLOGIK ABADANÇYLYK-ROWAÇ ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI


EKOLOGIK ABADANÇYLYK-ROWAÇ ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Atamyrat» seýilgähinde «Ekologik abadançylyk-rowaç ýaşaýşyň kepili» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan işleriniň biridigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gözel tebigatymyzyň täsinligini gorap saklamakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.