«NEBITÇI» SAGALDYŞ WE DYNÇ ALYŞ MERKEZINDE GURNALAN KITAP SERGISI


«NEBITÇI» SAGALDYŞ WE DYNÇ ALYŞ MERKEZINDE GURNALAN KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde göçme kitap sergisini gurnady. Çagalar edebiýatyna degişli neşirleriň dürli görnüşleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi kitap söýüji çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlaryny tanamak, tapmaçalaryň, matallaryň dogry jogabyny bilmek esasynda hem özara bäsleşdiler. Kitaplar barada özlerini gyzyklandyrýan soraglar esasynda kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşdylar.

Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.