TÜRKMEN TEBIGATYNY GORALYŇ


TÜRKMEN TEBIGATYNY GORALYŇ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Türkmen tebigatyny goralyň» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga öwürmek we gülzarlyga büremek ugrunda birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny, arassa howa, gözel tebigat ynsan saglygyna oňyn täsir edýändigini, tebigy baýlyklary aýawly saklamak, goramak we olary tygşytly peýdalanmak her bir adamyň borjy bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.