BAGTYÝAR DÖWRÜMIZIŇ ŞADYÝAN NESILLERI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi, çagalaryň tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda dynç alyşda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri şeýle-de körpe nesilleriň terbiýesinde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de çagalara köp kitap okamak bilen gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň giňeýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalaryň okan kitaplary, ertekileri, goşgulary barada sorag-jogap alşyldy we olar tapmaçadyr, matallary çözmekde özleriniň ukyp-başarjaňlygyny görkezdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.