MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK NUSGASY


TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ WAJYP ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Mälikguly Berdimuhamedow watansöýüjiligiň beýik nusgasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň Pederi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezen beýik şahsyýetdir. Maglumatlara görä Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat gelýär. Mälikguly Berdimuhamedow «Uruş bolmasyn!», «Ýeňiş biziňki bolar!», «Ýaşasyn!», «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgulary ýazypdyr. Mälikguly Berdimuhamedow öz zähmet işini dogduk obasyndaky mugallymlygyndan başlap, tä içerki gullugyň wezipelerine çenli şöhratly ýollary geçýär. Üç sany ýörite, iki sany hem ýokary bilimiň eýesi bolmak bilen, Mälikguly Berdimuhamedow durmuş basgançaklarynyň barynda jan aýaman, hünär ussatlygy bilen zähmet çekýär. Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýolunyň diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin görelde mekdebi bolup, il halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda il-halk üçin wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.