GOJAMAN HAZAR: DOSTLUK, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DEŇZI


GOJAMAN HAZAR: DOSTLUK, PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DEŇZI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Gojaman Hazar:dostluk,parahatçylyk söýüjilik deňzi» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Hazar deňziniň daşky gurşawynyň ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirilýär,hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki halkara edaralarydyr guramalary bilen bilelikde tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 12-nji awgustynda dostluk kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda asylly däbe öwrülen «Hazar deňziniň gününiň» dabaraly ýagdaýda bellenilmegi,bu baýramçylyga dürli döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagy halkymyzy myhmansöýerlik, açyklyk parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny şaýatlyk edýär diýip çykyşlarynda belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.