HALK MASLAHATY-JEBISLIGIÑ WE AGZYBIRLIGIŇ NYŞANY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň guramagynda «Halk Maslahaty-jebisligiñ we agzybirligiň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Ýurdumyzda indi däp bolup gelýän Halk maslahaty şanly Garaşsyzlygymyzyň toý dabaralary bilen utgaşyp gelýär. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunynyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň öňündäki deňligi, adamlaryň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Halk maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Ýurdumyzy dünýäniň syýasy giňişligindäki daşary ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.