TÜRKMENISTANYŇ BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASYNA TÄZE GELIP GOWŞAN KITAPLAR
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Watan hakda aýdym» atly kitap gelip gowuşdy. Şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýazyň täze goşgular hem poemalar kitaby onuň kyrk ýyllyk döredijilik işiniň bir bölegini düzýär. Bu işiň ýene agramly bölegi onuň bu kitabyna girizilmän galan goşgularyndan, publisistik makalalaryndan we beýeki kyssa eserlerinden ybaratdyr. Ol eserleriň okyjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýarys, we şeýlelik bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Özüň bolup ýaşamak» atly kitap gelip gowuşdy. Ýazyjy Akmyrat Hojanyýazyň täze kitabyna onuň soňky ýazan makalalarynyň, goşgularynyň diňe bir bölegi girizildi. Bular esasan, syýasy-publisistik eserlerdir. Berkarar döwletimiziň saýasyndaky uly wakalardan, taryhy özgertmelerden, döwrüň möhüm meselelerinden, gadymyýetiň yzlaryndan söz açýan eserleriniň okyjylaryň ünsüni çekjekdigine ynanýarys. Kitap bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.