MAGTYMGULY–TÜRKMENIŇ SYNMAZ RUHY SÜTÜNI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ylham seýilgähinde «Magtymguly–türkmeniň synmaz ruhy sütüni» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlan beýik şahsyýet bolandygy, onuň dürdäne şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik syýasy we ruhy edebi pikirlenmelerine güýçli täsir eden, dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussady bolup, türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşan beýik şahyryň goşgulary dünýä ynsanlarynyň dilinde barha bellentde ýaňlanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.