«KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ADY BILEN GEÇIRILEN HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ IKINJI GÜNI


«KIDS EXPO: ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN» ADY BILEN GEÇIRILEN HALKARA SERGI-ÝARMARKASYNYŇ IKINJI GÜNI

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnan göçme kitap sergisi kitap söýüji okyjylarymyzyň hem-de paýtagtymyzyň dürli ýerlerinden sergini görmäge gelen ildeşlerimiziň ünsüni özüne çekdi. Aýratyn-da sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän dürdäne eserleri iň köp isleg bildirilýän we gyzyklanma döredýän eserler boldy. Şeýle-de Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna öçmejek nur bolup çaýylan eserleri, şygyrlar ýygyndylary dürli ýaşdaky kitap söýüji ildeşlerimiz tarapyndan uly höwes bilen okaldy. Ol eserler esasynda hünärmenlerimiz bilen sowal-jogap alşyldy. Bagtyýar körpejelerimiz hem halallyk, ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk, rehimdarlyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri ündeýän şeýle ajaýyp eserleri gyzgyn söýgi bilen okadylar.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak şeýle-de çagalaryň bagtyýar geljegini gurnamak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.