BIZ ERTEKILERI OKAÝARYS
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde kitap söýüji çagalaryň arasynda «Biz ertekileri okaýarys» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda erteki gahrymanlaryny suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gyzykly gürrüňdeşlik geçirildi. Hünärmenlerimiz söhbetdeşlik arkaly ertekilerdäki oňat hem-de erbet gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagajyklara durmuşda gowy adam bolmagy, birek-birege kömek etmegi, adalatly, dogruçyl bolmagy ündediler. Söhbetdeşlige «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.