DÜNÝÄ DÖWLETLERI EÝRAN


DÜNÝÄ DÖWLETLERI EÝRAN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde «Dünýä döwletleri Eýran» atly kitap sergisi gurnaldy.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli gymmatlyklar, medeniýet, sungat halklaryň biri-birine ýürekleriniň açylmagydyr» diýip belleýşi ýaly, çeper eserler bize zeminiň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň durmuşy milli gymmatlyklary, ruhy dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Edebi, medeni gatnaşyklar dostluk köprülerine deňelýär. Sebäbi ol täsin köpri halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar.

Kitaphanada Eýran döwletiniň medeniýeti, edebiýaty, taryhy baradaky kitaplar ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen kitaplar dostlukly halkyň däp-dessurlaryny, taryhyny we medeniýetini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmaga uly ýardam berýär.

Sergide esasanam Eýran döwleti bilen tanyşdyrýan taryh, edebiýaty öwreniş kitaplar, çeper edebiýatlar sergilendi. Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!