«TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ MILLI BAŞATGYÇLARY: KÜRTE WE DÜÝPLI GYŇAÇ» ATLY GEÇIREN KITAPHANA SYNY


«TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ MILLI BAŞATGYÇLARY: KÜRTE WE DÜÝPLI GYŇAÇ» ATLY GEÇIREN KITAPHANA SYNY

Türkmen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi «Türkmen zenanlarymyzyň başatgyçlary bolan kürtesi we düýpli gyňajy» barada kitaphana synyny berdi. Synyň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň el işleri, keşdeleri, kürtäň we düýpli gyňajyň nädip taýýarlanylyşy barada gürrüň berildi. Nagyşlary däne-däne bolup duran, nepislik äleminiň soltany saýylýan kürtelerimiz türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan owazlanyp, kämillik derejesine ýetirilen sungat eserleridir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýip belleýşi ýaly, inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň kiçilikden öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçirilip gelnipdir.

Milli el işleriniň ählisiniň diýen ýaly reňki ene topragymyzda bitýän ot-çöplerden alynýar. Inçeden egrilen ýüpekler tebigy boýag bilen boýalyp, soňra dokalýar. Gözellerimiziň atynýan düýpli gyňaçlary hem olaryň görküne görk goşýar. Ene-mamalarymyz esasanam «aýgoçak», «sekiz goçak», «çakmak», «dagdan» ýaly nagyşlary salyp dokapdyrlar. Ak nagyşlaryna bolsa «goşa goçak», «ak guw», «orak dişi», «gulpak» salypdyrlar. Düýpli gyňajy dokamak üçin her biri başam barmak ýaly ululygynda bili boglan ak piläniň iň saýlama gozalaryny ene-mamalarymyz saýlap alypdyrlar. Gozalar gazana salynyp gaýnadylandan soň, ýumşap uç çykarýar. Ezber zenanlarymyz ýüpek pilesinden inçe edip sapak çekip, ony gatlap işip, her dürli reňk bilen boýap, düýpli gyňajy dokamaga taýýarlapdyrlar. Çöp boýa, sarygül, hozuň, naryň gabygyndan alnan boýaglar gyňaçlarymyzy has-da göze gelüwli görkezýär. Bir düýpli gyňajy dokamak üçin azyndan bir aý wagt gerek bolýar. Düýpli gyňaç boldum edilenden soň, reňklerine görä, ýüpek seçek bilen, ýüpegiň boýuny bir serä ýetirip seçeklenýär.

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmadyny belentde tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!