ÄNEW–MEDENIÝETI GYMMATLY MIRAS


ÄNEW–MEDENIÝETI GYMMATLY MIRAS

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Änew–medeniýeti gymmatly miras» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler her bir halkyň özüne degişli taryhy, milli medeniýeti bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem dünýäde hiç bir halklaryňka meňzemeýän şöhratly we baý taryhy, gaýtalanmajak sungaty bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gadymy Änew topragy hakynda gyzykly taryhy maglumatlar hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda has giňişleýin beýan edilýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary bilen halkyny ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.